Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Iň eýjejik gyzjagazy” yglan edildi

  • 16.03.2025 10:50
  • 5k+

14-nji martda Aşgabatda «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan yglan edildi. Oňa welaýat, Aşgabat, Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlara eýe bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilýän bäsleşige umumybilim berýän orta mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlar gatnaşýarlar. Onuň maksady zehinli gyzjagazlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilleriň milli amaly-haşam sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan ybaratdyr.
Jemleýji tapgyra eýjejik gyzjagazlaryň 14-si gatnaşyp, üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Olar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigi guraýjy düzümleriň wekillerinden, belli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary gyzjagazlaryň her bir çykyşyna, el işlerine mynasyp baha berdiler.
Baş baýrakdan başga-da beýleki orunlar yglan edildi:

  • 1-nji orun - Aýnäzli Jepbarowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy;
  • 2-nji orun - Gülnar Gurbangulyýewa, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy
  • 2-nji orun - Aýgözel Muhammedowa, Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy;
  • 3-nji orun - Gülnäz Şamyradowa, Tejen etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy,
  • 3-nji orun - Melek Esenowa, Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy,
  • 3-nji orun - Arzuw Amanowa, Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy.

Eminler topary bäsleşige gatnaşan beýleki ýaş zehinleri hem olaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Mahmal owazly gyzjagaz», «Milli zynatly gyzjagaz», «Çeper waspçy gyzjagaz», «Watançy gyzjagaz», «Şahandaz gyzjagaz», «Saýrak dilli gyzjagaz», «Şirin owazly gyzjagaz» diýen ugurlar boýunça sylaglady.
Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


düýn 11:13
7.3k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....