Dünýäde akylly sagatlaryň satuwy ilkinji gezek pese düşdi: Apple -7%, Xiaomi +135%

  • 15.03.2025 08:35
  • 2.5k+

Taryhda ilkinji gezek dünýä boýunça akylly sagatlaryň satuwy çärýegiň jemleri boýunça azaldy. Geçen ýylyň soňky çärýeginde bu görkeziji 7% pese gaçdy diýip, «Counterpoint-iň» maglumatlaryna salgylanyp, «BBC» neşiri habar berýär.

Hasabata görä, pese gaçyşyň esasy sebäbi, Apple-yň satuwlarynyň azalmagy, arzan modelleriň täzelenişiniň haýallamagy we Hindistanda akylly sagatlara bolan islegiň pese gaçmagydyr.
Umumy pese gaçyşa garamazdan, Apple liderligini saklap galdy, emma onuň satuwy 19% azaldy. «GSMArena-nyň» habaryna görä, Huawei kompaniýasy Hytaý bazaryndaky esasy modelleriň, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen modelleriň satuwynda 35% ösüş gazanyp, ikinji orny eýeledi.
Samsung täze Galaxy Watch 7, Galaxy Watch Ultra we Galaxy Watch FE Series modelleriniň üstünlikli çykarylmagy netijesinde, ýyllyk görkezijisini 3% ýokarlandyryp, üçünji orny eýeledi. Xiaomi 2024-nji ýylda iň çalt ösen brend boldy. Ilkinji gezek «öňdebaryjy bäşligiň» hataryna giren brendiň ýyllyk satuwy 135% ýokarlandy.
Apple Watch-yň satuwlary brendiň 10 ýyllygynyň bellenendigine we täze Watch Series 10 modeliniň çykarylandygyna garamazdan pese gaçdy. Munuň esasy sebäbi, Demirgazyk Amerikadaky ýagdaý bilen baglanyşykly: Ultra 3 modeliniň çykarylmazlygy we S10 modelindäki örän ownuk üýtgeşmeler. Mundan başga-da, patent jedelleri ýylyň ilkinji ýarymynda Apple-yň satuwlaryna çäklendirme girizdi. Şeýle-de täze Apple Watch SE modelleriniň çykarylmazlygy hem satuwa ýaramaz täsir etdi.
Sebitara görkezijilere görä, 2024-nji ýylyň netijelerine laýyklykda, Hytaý ilkinji gezek iň ýokary satuwy amala aşyryp, hem Demirgazyk Amerikany, hem-de Hindistany yzda galdyrdy. Huawei, Imoo we Xiaomi bazaryň öňdebaryjylary boldy.
Çaklamalara görä, 2025-nji ýylda akylly sagatlaryň bazary dikeldiler. Munuň esasy sebäbi, emeli aň bilen has içgin integrasiýalaryň edilmegi we dakylýan enjamlaryň saglygy gözegçilikde saklamak funksiýalarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolar.


12.05.2026 14:43
6.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......