SpaceX-e bäsdeş: Hytaýyň Starry Sky Glory kompaniýasy gaýtadan ulanylýan raketalary gurup başlar

  • 15.03.2025 08:21
  • 2k+

Hytaýyň Starry Sky Glory kompaniýasy nobatdaky maliýeleşdiriş tapgyryny üstünlikli tamamlap, ýüz millionlarça ýuan toplady. Bu maliýe serişdeleri gaýtadan ulanylýan «Hyperbola-3» raketa göterijilerini öndürmek we synagdan geçirmek üçin sarp ediler. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Kompaniýa Mýanýan şäherinde Günorta-Günbatar Hytaýyň iň uly suwuk ýangyçly raketa hereketlendirijisi stendini (synag merkezini) gurýar. Onuň meýdany 5,3 gektar bolar we 200 tonna çenli itergi güýji bolan hereketlendirijiler bilen ýylda 100 gezek synag geçirmäge mümkinçilik döreder. Olaryň arasynda «Hyperbola-3» üçin niýetlenen «Focus-2» hereketlendirijisi hem bar.
Önümçilik hem barha artar. 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli ýylda 25 hereketlendiriji öndürjek önümçilik hatary işe giriziler, 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli bolsa, bu san ýylda 100-e ýetiriler. Häzirki wagtda kompaniýa 14 tonna çenli ýük götermäge ukyply üç sany «Hyperbola-3» raketasyny ýygnamak bilen meşgullanýar.
Ilkinji synag uçuşy we deňiz platformasyna gonuş 2025-nji ýylyň dekabr aýynda bolar, ikinjisini bolsa 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Starry Sky Glory gaýtadan ulanylýan raketalary döretmek ugrunda güýçli depginde öňe barýar we häzirki wagtda kosmos ýaryşynyň iň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan SpaceX bilen bäsleşmegi maksat edinýär.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....