Geljek hepdede Aşgabatda howanyň temperaturasy +30°C-a ýeter

  • 15.03.2025 07:41
  • 6.7k+

Geljek hepde Aşgabatda yssy howa bolar we temperatura barha ýokarlanar. Gismeteo portalynyň maglumatlaryna görä, 19-nji mart çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda 2025-nji ýylda ilkinji gezek howanyň temperaturasy +30°C çenli gyzar.

Çaklamalara görä, maýyl howa eýýäm 17-nji mart - duşenbe güni başlanar. Şol gün gündizine temperatura +27°C, gijesine bolsa +12°C çenli bolar. Sişenbe güni gyzmagyny dowam edip, gündizine +29°C, gijesine bolsa +15°C çenli ýetmegi mümkin.
Hepdäniň iň yssy güni çarşenbe bolar: gündizine temperatura +30°C, gijesine bolsa takmynan +17°C derejesinde saklanar. Emma eýýäm 20-nji martdan howanyň salkynlap başlamagyna garaşylýar: gündizine +21°C, gijesine bolsa takmynan +14°C bolar.


şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......