Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär

  • 15.03.2025 06:19
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 14-nji martda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi.
Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
712

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......