Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görülýär

  • 15.03.2025 01:26
  • 1.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany bu Toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky  gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini  has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamy, sebitara hyzmatdaşlyk, şertnamalaýyn-hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......