Türkmenistanda senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagy geçiriler

  • 15.03.2025 01:08
  • 4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibini tassyklady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow “Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň hereket edýän  kanunçylygyna  laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy namanyň taslamasynda bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi we möhletleri, talap edilýän resminamalaryň sanawy hem-de hünär synag toparynyň işiniň düzgünleri kesgitlenildi.
Döwlet Baştutany howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.


düýn 16:30
645

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
769

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......