Volkswagen müňlerçe ID.4 we Audi Q4 e-tron ulaglaryny yzyna çagyrýar. Olar hereketdekä birden durup biler

  • 14.03.2025 22:14
  • 2.1k+

Volkswagen kompaniýasy ID.4 we Audi Q4 e-tron elektrikli ulaglarynyň, takmynan, 13800 sanysyny bort zarýad enjamyndaky kemçilik sebäpli yzyna çagyrýar. Bu barada «INSIDEEVs» çeşmesi habar berýär.

Mesele platalaryň gorag örtüginiň ýeterlik däldigi bilen baglanyşykly. Bu kemçilik yzgaryň emele gelmegine, kuwwatyň ýitmegine we ulagyň hereketsiz galmagyna sebäp bolup biler.
Barlagçylaryň bellemegine görä, ID.4 ulaglarynda 127, Q4 e-tron ulaglarynda bolsa 117 gezek näsazlyk ýüze çykypdyr. Bu kemçilik ABŞ-da we Germaniýada öndürilen ulaglara täsir etdi.
Bu mesele Kanadadaky ulaglara hem täsir ýetirdi – ol ýerde 9613 sany ID.4 we 3278 sany Audi Q4 e-tron yzyna çagyrylmaga degişli edildi.
Volkswagen kompaniýasy ulaglaryň eýelerine 2025-nji ýylyň 29-njy apreline çenli duýduryş berer. Näsaz zarýad enjamlary mugt çalşylar, ýöne häzirlikçe dilerleriň ammarlarynda zerur bölekler ýok.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......