Awstraliýaly hassa dolulygyna emeli ýürek bilen 100 günden gowrak ýaşap bilen dünýäde ilkinji adam boldy

  • 14.03.2025 08:08
  • 12k+

Ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän awstraliýaly 40 ýaşly adam dolulygyna emeli ýürek bilen 100 günden gowrak ýaşap bilen dünýäde ilkinji adam boldy. Mart aýynyň başynda oňa donorlyk organy oturdyldy diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Ol emeli ýürek oturdylan Awstraliýada ilkinji we dünýäde altynjy hassa boldy. Ondan öň şeýle operasiýalar diňe ABŞ-da geçirilýärdi. Şeýle-de bolsa, öňki bäş hassa hassahanadan çykmazdan ozal donor ýüregini alypdy we implantasiýa bilen transplantasiýanyň (eneli ýürek oturtmak bilen hakyky ýürek oturtmagyň) arasy köp bolanda 27 gün bolupdy.
BiVACOR implantaty - dünýäde ilkinji doly emeli rotor ýürekdir. Ol tebigy gan aýlanyşyny simulirlemek üçin magnit lewitasiýasy tehnologiýasyny ulanýar we hassanyň ýüreginiň ornuny doly tutup bilmäge ukyply. Enjam häzirki wagtda irki kliniki synaglardan geçirilýär. Ol infarktyň, ýüregiň işemiýa keseliniň we süýji keseliniň fonunda ösýän biwentrikulýar ýürek näsazlygy bolan hassalar üçin niýetlenendir. Lukmanlar synagy üstünlikli diýip atlandyrdylar we implantatyň netijelidigini subut etdiler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......