Tesla Cybertruck-dan gaýyg-a çykjak däl eken. Maskyň wadalaryna garamazdan, pikap suwa çümdi

  • 13.03.2025 17:07
  • 7.1k+

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Tesla Cybertruck-laryň biriniň eýesi Ilon Maskyň elektropikabyň suw geçirmeýändigi baradaky wadalaryny öz tejribesinde barlap gördi. 10-njy martda onuň ulagy Kaliforniýanyň Wentura portunda suwuň düýbüne çökdi diýip, «Los Angeles Times» neşiri ýazýar.

2023-nji ýylda, heniz Cybertruck köpçülikleýin önümçilige çykmanka, Tesla kompaniýasynyň baş müdiri Ilon Mask bu awtoulagyň «derýalary, kölleri, hatda asuda deňiz tolkunlaryny» hem geçip biljek derejede suw geçirmeýändigini öňe sürüpdi. Ol bu sözlerini birnäçe gezek gaýtalapdy. Emma Kaliforniýada bolan waka, bu tassyklamanyň hakyky däldigini görkezdi.
Sürüjiniň aýdyşyna görä, ol gidrosiklini suwa goýberenden soň, Cybertruck-y öňe sürmek isläpdir. Emma tötänden yzky peredaça geçiripdir. Netijede, awtoulag suwa gaçypdyr.
Toksiki batareýanyň ýangyn döretmeginiň öňüni almak üçin, ulagy suwdan seresaplyk bilen çykarmak maksady bilen, birnäçe gulluklar ýardama geldi.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......