NASA-nyň Crew 10 missiýasynyň uçuşy yza süýşürildi

  • 13.03.2025 15:01
  • 1.1k+

13-nji marta geçilýän gijede meýilleşdirilen SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon C210 Endurance gämisiniň uçuşy bolmady. NASA agentligi Crew-10 missiýasynyň Halkara kosmos stansiýasyna uçuşynyň ýaramaz howa şertleri – güýçli ýel we ygal sebäpli 14-nji marta süýşürilýändigini habar berdi.

Ekipažyň düzümine russiýaly kosmonawt Kirill Peskow, NASA-nyň astronawlary Enn Makkleýn we Nikol Aýers, şeýle-de JAXA-dan (Ýaponiýanyň Aerokosmos gözlegleri agentligi) Takuýa Onişi girýär. Floridadaky Kennedi kosmos merkeziniň 39A toplumyndan uçuş 14-nji martda gündogar wagty bilen 19:03-den (Aşgabat wagty bilen 15-nji mart 05:03) ir bolmaz.
Ilkibaşda uçuş 12-nji marta geçilýän gijede meýilleşdirilipdi, ýöne ýerüsti toplumyň gidrawlikasy bilen bagly näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Soňra sene 13-nji marta üýtgedildi, ýöne bu gezek howa päsgel berdi. Eger ertirki uçuş üstünlikli bolsa, 19-njy martda ýere Crew-9 missiýasynyň ekipažy gaýdyp geler – kosmonawt Aleksandr Gorbunow we astronawt Nik Heýg. Olar bilen bilelikde kosmosda galan astronawlar Sunita Uilýams we Barri Uilmor hem HKS-den gaýdar. Olar stansiýada 8 günüň deregine tas 9,5 aý eglendi.
Ýatlap geçsek, Uilýams bilen Uilmor HKS-e 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Boeing CST-100 Starliner gämisinde geldi, ýöne hereketlendiriji näsazlyklary we geliniň syzmagy sebäpli, gämi ekipažsyz dolandy. 


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....