Aşgabatda Hytaýyň Şensi welaýatynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

  • 12.03.2025 08:11
  • 2.8k+

11-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlary dogrusynda durup geçdiler.
Gepleşiklere gatnaşyjylaryň umumy pikire görä, häzirki wagtda parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň alnyp barylýar, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlary yzygiderli guralýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dostlukly dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ylym, bilim, medeni alyşmalar, hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.
Söhbetdeşler özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....