Ford akkumulýatorynyň kontaktorlarynyň aşa gyzýandygy sebäpli Mustang Mach-E-ni yzyna çagyrýar

  • 12.03.2025 06:21
  • 2.4k+

Ford 2021-nji we 2022-nji ýyllarda çykarylan Mustang Mach-E elektrik ulaglaryny yzyna çagyrýar. Munuň sebäbi - çalt zarýad berlende ýa-da birden tizligi artdyrylan wagtynda batareýanyň kontaktorlarynyň aşa gyzmagy bilen bagly. Bu kemçilik batareýanyň kuwwatynyň ýitmegine getirip we heläkçiligiň döremek töwekgelçiligini  ýokarlandyryp biler diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirligi (NHTSA) habar berýär.

Meksikanyň zawodynda 2020-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2022-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli ýygnalan ulaglar eýýäm yzyna çagyryldy. Şonda programma üpjünçiligini täzeläp, meseläni çözmäge synanyşdylar. Emma käbir söwda dellallarynyň köne wersiýany gurandyklary sebäpli, kontaktorlaryň gyzmagynyň dowam edendigi  anyklandy.
Ford 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinden 18-nji apreline çenli ulaglaryň eýelerine habar berip başlar. Söwda dellallary 14-nji aprelde gözükdirme alarlar. Ulaglar barlanar we meseläni düzetjek programma üpjünçiligi täzelener.
Mustang Mach-E, kynçylyklaryna garamazdan, Ford-yň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar. Kompaniýa elektrik ulaglarynyň hataryny işjeň ösdürmegi dowam etdirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....