Ylmy gözlegçiler täze buz eýýamynyň başlap biljekdigini çaklady

  • 11.03.2025 23:02
  • 9.5k+

Ýene 10 müň ýyldan Ýerde täze buz eýýamy başlap biler. Science žurnalynyň habar bermegine görä, şeýle netijä Santa-Barbaradaky Kaliforniýa  uniwersitetiniň alymlary geldi.

Ylmy gözlegçiler geçen global sowama döwürlerini seljerdi. Modelirleme klimat üýtgemeleriniň Ýeriň okunyň gyşarmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Soňky 900 müň ýylda orbital üýtgeşmeleri we klimat maglumatlaryny öwrenip, alymlar berk kanunylygy ýüze çykardy. Buz eýýamlary we buz eýýamlarynyň aralygyndaky ýyly döwürler öňünden çaklap boljak klimat sikllerine eýerýär, bu bolsa geçmişde olaryň haçan bolandygyny we geljekde haçan gaýtalanyp biljekdigini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Biziň häzir buz eýýamlarynyň aralygyndaky döwürde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutup, alymlar klimatyň haçan ýene buz ýagdaýyna geçip başlajakdygyny çaklady. Hasaplamalar, eger Ýeriň klimaty diňe tebigy faktorlaryň täsiri bilen üýtgese, onda indiki buz eýýamynyň, takmynan, 10 müň ýyldan başlap biljekdigini görkezýär. Bu buz eýýamlarynyň aralygyndaky döwür bilen buz eýýamlarynyň çalyşmagynyň adaty sikline gabat gelýär.
Ýöne klimatyň antropogen üýtgemeginiň tarapdarlarynyň pikiriçe, adamzat eýýäm kömürturşy gazynyň zyňyndylary bilen bu tebigy siklleri bozdy we Ýeriň klimatyny tebigy ýolundan sowdy. Bu täsir hatda indiki buz eýýamynyň başlanmagynyň öňüni hem alyp biler.
Her niçigem bolsa, täze ylmy gözleg klimat üýtgemeleriniň esasy modelini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu häzirki global maýlamanyň uzak möhletli netijelerine düşünmek üçin uly ähmiýete eýedir. 
Ýöne esasy netije buz eýýamlarynyň tötänleýin hadysa däl-de, Ýeriň orbital üýtgeşmeleri bilen baglanyşykly bolan tebigy sikliň bir bölegi bolmagynda jemlenýär. Şonuň üçin 10 müň ýyldan biziň planetamyz ýene-de güýçli sowama bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.


düýn 22:30
890

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....