“Paddingtonyň başdangeçirmeleri” filminiň ssenariçileri emeli aň multfilminiň üstünde işleýär

  • 10.03.2025 08:13
  • 1.5k+

“Paddingtonyň başdangeçirmeleri 3” filmi boýunça tanalýan britaniýaly ssenariçiler Jeýms Lamont we Jon Foster täze taslamanyň başyna geçdiler. Olar emeli aňyň kömegi bilen “Critterz” (Haýwanlar) atly doly metražly mulfilmi döredýär diýip, Variety habar berýär.

Lenta emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji multfilmiň – 2023-nji ýyldaky gysga metražly filmiň uzyn wersiýasy bolar. Asyl multfilm adaty animasiýa bilen grafikany döredýän OpenAI-iň DALL·E neýroulgamyny utgaşdyrypdy.
Gysga metražly “Critterz” taslamasy mymyk tüýli tokaý ýaşaýjylarynyň durmuşy barada gürrüň berdi. Doly metražly multfilmiň sýužeti barada häzirlikçe giňişleýin maglumat berilmeýär. Ses berjek aktýorlar we onuň çykjak senesi-de sorag bolup galýar. 


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....