Microsoft: Garakçy strimler, takmynan, bir million kompýutere zyýanly programma üpjünçiliklerini ýokuşdyrdy

  • 09.03.2025 15:25
  • 2.9k+

Iki sany garakçy wideo platformasy — movies7[.]net we 0123movie[.]art — giň gerimli kiberhüjümiň çeşmesine öwrülip, takmynan, bir million enjama zyýan ýetirdi. Microsoft-yň hasabatyna görä, bu saýtlardaky mahabatlar ulanyjylary aldawly tehniki goldaw sahypalaryna ugrukdyryp, Discord, Dropbox we GitHub arkaly zyýanly programma üpjünçiligini (malware) ýükläpdir. Bu barada «PCMag» neşiri habar berýär.

«Bu zyýanly mahabat kampaniýasy bütin dünýäde, takmynan, bir million enjama täsir edip, maglumat ogrulygyna gönükdirilen hüjümiň bir bölegine öwrüldi» — diýip, Microsoft ýazýar.

Hüjümde aýratyn bir topar göz öňüne tutulmady, hem şahsy, hem-de korporatiw ulanyjylaryň enjamlaryna zyýanly programma üpjünçilikleri ýokuşdy. Malware ulgamyň maglumatlaryny ýygnaýardy ýa-da hakerlere kompýutere uzakdan elýeterlilik üpjün edýärdi.
Kiberjenaýatçylar bu hüjümi gizlemek üçin gol çekilen şahadatnamalary (sertifikatlary) ulanypdyrlar.

«2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortasyna çenli ýüze çykarylan başlangyç zyýanly faýllar täze döredilen şahadatnama bilen gol çekildi. Jemi 12 dürli şahadatnama ýüze çykaryldy we olaryň hemmesi ýatyryldy» — diýip, Microsoft belläp geçýär.

Hüjümiň ikinji tapgyrynda kompýuteriň maglumatlary ýygnalyp, hakerleriň serwerlerine iberilýärdi. Şeýle hem, olar Firefox, Chrome we Edge brauzerlerinde ulanyjylaryň hereketlerini yzarlap bilýärdi.
Bu hüjüm ilkinji gezek dekabr aýynyň başynda hasaba alyndy. Microsoft-yň eýeçiligindäki GitHub, şeýle-de Discord we Dropbox, zyýanly programma ýerleşdirilen sahypalary eýýäm bozdy. Microsoft-yň berýän maglumatlaryna görä, Windows operasion ulgamyna ornaşdyrylan Microsoft Defender bu hüjümde ulanylan zyýanly programmalary anyklap we blokirläp bilýär.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
883

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...