Türkmenistanyň tennis ýygyndysy taryhda ilkinji gezek ITF Masters dünýä çempionatyna gatnaşýar

  • 09.03.2025 14:20
  • 5.9k+

Türkmen tennisçileri ilkinji gezek ITF Masters dünýä çempionatynyň toparlaýyn ýaryşynda çykyş edýärler. Bu ýaryş 9–16-nji mart aralygynda Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçiriler. Ýaryşa 30, 35, 40 we 45+ ýaş toparlarynda çykyş edýän 126 topar gatnaşýar.

Bu ýaryşa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndysyna çakylygy geçen ýyl ITF-niň prezidenti Dewid Haggerti ýurdumyza sapary wagtynda berdi. Milli ýygyndymyz 30+ ýaş toparynda çykyş eder, bu kategoriýada 12 ýygyndy dört topara bölünendir.
Türkmenistan “B” toparçasynda çykyş eder, onuň garşydaşlary Beýik Britaniýa we Kanada bolar.
“A” toparçasynda Germaniýa, Argentina we Portugaliýa, “C” toparçasynda ABŞ, Hindistan we Günorta Afrika, “D” toparçasynda bolsa Türkiýe, Irlandiýa we Şwesiýa bäsleşer. Toparçalaryň ýeňijileri pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik alar.
Türkmen ýygyndysynyň düzüminde aşakdaky türgenler çykyş ederler:

 

  • Ýuriý Rogusskiý – ýurdumyzyň birinji raketkasy, bäş gezekki çempion we soňky iki Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi.
  • Gurbanberdi Gurbanberdiýew – 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň bürünç medalçysy, Aşgabat şäheriniň Baş sport we bedenterbiýe müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi.
  • Aleksandr Ernepesow – sport ussady, Türkmenistanyň öňki birinji raketkasy, 18 ýaşa çenli ITF Junior reýtinginde iň gowy 200 tennisçiniň arasyna giren türgen.
  • Eziz Döwletow – Türkmenistanyň öňki birinji raketkasy, häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy we Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti.
  • Miraly Gasanow – toparyň kapitany, milli erkekler ýygyndysynyň we “Aşgabat” Tennis akademiýasynyň baş tälimçisi, Türkmenistanda PRO Level şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçi.

 

Belläp geçsek, Döwletow we Ernepesow 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Dubaýda (BAE) geçirilen Dewis Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda ýeňiji bolupdylar.
Türkmen tennisçileri ITF Masters ýaryşynda ilkinji duşuşygyny Beýik Britaniýanyň ýygyndysyna garşy geçirerler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......