Awstraliýada iň gadymy meteorit krateri tapyldy. Ol Ýere 3,5 milliard ýyl ozal gaçypdyr

  • 09.03.2025 08:11
  • 6.7k+

Kýortin uniwersitetiniň barlagçylary Günbatar Awstraliýada 3,5 milliard ýyl ozal emele gelen iň gadymy meteorit kraterini tapdylar. Bu barada Nature Communications žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Krater Marbl-Baradan, takmynan, 40 km uzaklykda ýerleşýän Pilbara sebitinden tapyldy.
Barlagyň şärikdeş ýolbaşçysy professor Tim Jonson: "Biziň açyşymyzdan ozal, urgudan dörän iň gadymy kratere 2,2 milliard ýyl bolupdy. Şonuň üçinem täze krater häzire  çenli Ýer ýüzünde tapylan iň gadymy kraterdir" -diýdi.
Sagatda 36 müň km-den hem gowrak tizlik bilen Ýere gelip urlan meteorit ini 100 km-den gowrak krateri emele getiripdir. Alymlar muny “bölekleriniň konuslary” - diňe güýçli urgular wagtynda ýüze çykyp bilýän üýtgeşik gurluşlary boýunça kesgitlediler.

"Aýa gözegçilikleriň esasynda irki Gün ulgamynda iri çaknyşyklaryň adaty ýagdaý bolandygyny bilýäris" -diýip, Jonson sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu açyş şeýle urgularyň Ýeriň gabygyny we ilkinji yklymlary emele getirip biljekdigini tassyklaýar.
Makalanyň bilelikdäki awtory professor Kris Kirkland: "Bu urgynyň açylmagy we wagtyň şol bir döwrüniň beýleki yzlarynyň tapylmagy ýaşaýşyň nähili ýüze çykyp biljekdigi barada köp zady düşündirip bilerdi, sebäbi urgy kraterleri gyzgyn suw howuzlary ýaly, mikrob durmuşy üçin amatly şertleri döredipdirler ... Bu hatda yklymlaryň esasyna öwrülen kratonlaryň - iri, durnukly ýer meýdanlarynyň döremegine getiren bolmagy hem mümkin" -diýip belleýär.
Dinozawrlary ýok eden Çikşulub (66 million ýyl ozal) bilen deňeşdirilende, bu meteorit birneme kiçi bolupdyr, ýöne onuň netijesi ýaşaýşyň döremegine esas bolup biler. Alymlar Ýer ýüzünden henizem köp şunuň ýaly kraterleriň tapylmalydygyna ynanýarlar.


30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...