Patyşalar haysy aýdymlary diňleýär? Karl III Apple Music üçin pleýlist taýýarlady

  • 09.03.2025 07:52
  • 5.4k+

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III Apple Music üçin ýörite pleýlist (aýdym-sazlaryň sanawyny) taýýarlady. Onda monarhyň aýdym-saz isleglerini açyp görkezýän eserler ýerleşdiriler.

Sanaw diňleýjiler üçin 10-njy martdan başlap elýeter bolar. Onda Kaýli Minoug, Bob Marli, Greýs Jons we Raye ýaly meşhur aýdymçylaryň eserleriniň bolmagyna garaşylýar.
Britan Milletler Arkalaşygynyň baýramçylygynyň hormatyna Karl III «The King’s Music Room» (Patyşanyň aýdym-saz otagy) gepleşigine gatnaşmagy hem meýilleşdirýär. Ol gepleşikde öz durmuş ýolunda duşuşan sazandalary hakynda gürrüň berer hem-de näme üçin hut şu aýdymlary saýlandygy barada aýdyp berer.

«Durmuşymyň dowamynda, aýdym-saz meniň üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Munuň köpleriň durmuşyna-da şeýledigini bilýän. [Aýdym-saz] ýadymyzyň iň çuň künjeklerinden joşgunly ýatlamalary oýarmaga, gamgyn pursatlarymyzda bizi köşeşdirmäge we bizi uzak ülkelere äkitmäge ukyply» — diýip, Patyşa belledi.


21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....