Täze çykan Toyota Bozhi 3X-e Hytaýda islegiň ýokary bolmagy zerarly sargyt ulgamy çökdi

  • 09.03.2025 07:48
  • 7.6k+

Toyota Hytaýda Bozhi 3X (bZ3X) täze elektrokrossowerini çykardy. Bu model Toyota bilen GAC hytaý kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde döredildi. Öňünden sargytlary kabul etmeklik geçen ýylyň ahyrynda başlandy, emma bazara çykarylan gününde isleg örän ýokary boldy – bary-ýogy bir sagadyň içinde 10 müňden gowrak ulag satyldy. Islegiň şeýle ýokary bolmagy hatda kompaniýanyň sargyt ulgamynyň çökmegine getirdi.

Bozhi 3X iki görnüşde hödürlenýär:

  • Esasy («non-smart») – bäş konfigurasiýa, bahasy 109 müň 800 ýuandan (takmynan, 15 müň dollardan ) başlaýar;
  • Ösen («smart») – 149 müň 800 ýuandan (takmynan, 20 müň 500 dollardan) başlaýar.

Iň ýokary modelde 67,92 kWt·sag sygymly LFP batareýasy bar we Hytaýyň CLTC ölçegine görä, bir gezeklik zarýad bilen 610 km ýol geçýär. Esasy model 50,03 kWt·sag batareýa bilen enjamlaşdyrylan. Onuň batareýasy bolsa doly zarýad bilen 430 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Ölçegleri: 4600×1875×1645 mm, teker bazasy – 2765 mm. Awtoulag gara, çal, gülgüne we altynsöw reňkleri hem hasaba almak bilen, jemi ýedi dürli reňkde hödürlenýär. Mundan başga-da alyjylara 18 ýa-da 19 dýuýmlyk tigir diskleri hödürlenýär.
Elýeter bahasyna garamazdan, Toyota bZ3X häzirki zaman tehnologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar:

  • ähli modeller Snapdragon 8155 çibi bilen üpjün edilen;
  • ösen awtopilotly wersiýada güýçli NVIDIA Drive AGX Orin X (254 TOPS) prosessory esasynda işleýän Momenta 5.0 ulgamy bar;
  • merkezi multimediýa ekran – 14,6 dýuým;
  • sanly panel – 8,8 dýuým;
  • ösen ses dolandyryş ulgamy;
  • iki şahaly köp funksiýaly rul;
  • 27 sensor, şol sanda lidar, üç millimetrlik radar we 11 HD kamera;
  • sürüjiniň kömekçi ulgamlarynyň 25 döwrebap funksiýasy (ADAS).

Arzan bahasy we tehnologik aýratynlyklary bilen Bozhi 3X modeli Tesla Model Y we BYD Song Plus ýaly ulaglar üçin güýçli bäsdeşe öwrüldi.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......