Prime Video-da filmler we seriallar üçin emeli aň-dublýaž peýda boldy

  • 09.03.2025 07:24
  • 1.5k+

Amazon Prime Video akym hyzmaty emeli aňyň kömegi bilen wideo mazmunlary dublýaž etmek funksiýasyny işe girizdi. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

EA-dublýaž häzirlikçe synag tertibinde elýeterli. Tehnologiýa 12 filmde we serialda barlagdan geçirilýär, olaryň arasynda «Rysar barada hekaýat» (Легенда о рыцаре) ispan multfilmi, maşgalalar üçin «Meniň ejem – totyguş» (Моя мама — попугай) fentezi-dramasy we «Öňden ýitirilen» (Давно потерянный) trilleri bar.
Häzirki wagtda tehnologiýa diňe iňlis dilini we Latyn Amerikasynyň ispançasyny goldaýar. Geljekde bu funksiýany başga dillerde-de elýeter etmek meýilleşdirilýär.

«Biz Prime Video-da müşderi tejribesini amaly we peýdaly EA innowasiýalary arkaly gowulandyryp boljakdygyna ynanýarys. EA-dublýaž diňe adaty dublýažy bolmadyk eserler üçin elýeterli. Biz seriallary we filmleri has elýeterli we lezzetli etmek üçin, täze usullary öwrenmäge çalyşýarys» — diýip, tehnologiýalar boýunça wise-prezident Raf Soltanowiç aýtdy.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....