Tesla Tehasda energiýa önümçiligi boýunça megafabrigini gurýar

  • 09.03.2025 06:49
  • 1.9k+

Tesla kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäheriniň ýakynynda täze megafabrik gurmagy meýilleşdirýär diýip, «Reuters» habar berýär.

Bu zawod Megapack energiýa ulgamlaryny öndürmek we dolandyrmak üçin niýetlenendir. Ol kompaniýanyň sebitdäki iň uly kärhanasy bolup, 1 million inedördül futdan gowrak meýdany eýelär. Uoller etraby bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Tesla desgalary gowulandyrmak we enjamlary satyn almak üçin 150 million dollara çenli salgyt ýeňilliklerinden peýdalanyp biler.
Täze zawod akkumulýatorlary we beýleki energiýa ulgamlaryny öndürmek bilen meşgullanar. Bu Tesla-nyň Gün energiýasy we batareýa biznesini giňeltmek strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Täze zawodda, takmynan, 1500 iş orny dörediler diýlip garaşylýar.
Bu zawod litiý-ion batareýalarynyň önümçilik çykdajylarynyň azalmagyna we kompaniýanyň üpjünçilik zynjyrynyň gowulandyrylmagyna kömek eder. Bu ýagdaý Tesla-nyň Hytaýdaky zawodlaryna meňzeş bolup, «Reuters» neşirine görä, kompaniýanyň elektromobil bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga we energiýa önümleriniň önümçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.


24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....