Gurbanguly Berdimuhamedow suwdan peýdalanmak boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip etdi

  • 08.03.2025 11:23
  • 9.7k+

«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde suw meseleleri babatda durup geçdi.

“Suw ýetmezçiligi — sebitde iň derwaýys meseleleriň biri. Ol suw üçin ykdysady talabyň artmagy bilen has-da çylşyrymlaşýar. Şu babatda dünýä bileleşiginiň hem Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada nähili pikirleriňiz bar?” diýen sowala türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle jogap berdi:

"Dogrusyny aýtsak, munuň özi sebit üçin örän uly mesele bolup durýar. Biz Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň esasy üç kadasyny ozal hem ençeme gezek çykyşlarymyzda beýan edipdik. Olar:

  • birinjiden, halkara hukugy berjaý etmek. Munuň özi suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygyny aňladýar. Suwy peýdalanmak bolsa umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydyr.
  • ikinjiden, bähbitleriň özara hasaba alynmagy. Bu bolsa suw serişdeleri ulanylanda ähli döwletleriň halklarynyň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aňladýar. Diňe şeýle çemeleşme adalatly we durnukly ösüşi üpjün edip biler.
  • üçünjiden, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy. Biz BMG-niň suw meselesi bilen bagly başlangyçlara gatnaşmagynyň kanuny we netijeli boljakdygyna ynanýarys. Şundan ugur alyp, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip edýär. Munuň özi Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Amyderýa we Syrderýa boýunça Konwensiýalarynyň kabul edilmegini goldap çykyş edýäris.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....