Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady

  • 08.03.2025 11:14
  • 5.4k+

Şu gün - 8-nji martda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu baýramçylyk bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerini, ähli gelin-gyzlaryny  gutlady. Gutlag haty metbugatda çap edildi.

Döwlet Baştutany gutlagynda türkmen zenanyny maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy, öý-ojaklaryň ýaraşygy diýip atlandyrýar.

"Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler" - diýip, Serdar Berdimuhamdow belleýär.

"Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandy bardyr. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Biz gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......