Apple M4 çipli täze nesil MacBook Air-i hödürledi: has güýçli we has arzan

  • 08.03.2025 06:49
  • 1.3k+

Apple kompaniýasy täze nesil MacBook Air noutbuklaryny tanyşdyrdy. Täze modeller M4 çibi bilen enjamlaşdyrylyp, öňki nesillere garanyňda diňe bir has güýçli bolman, eýsem has arzan bahadan hödürlenýär.

Noutbuklaryň daşky dizaýny o diýen üýtgemedi – öňküsi ýaly inçe we fansyz korpus saklandy. Öňden bar bolan reňklere (kümüşsöw, altynsöw we goýy gök) goşmaça «asman gök» atly täze reňk goşuldy.
Täze MacBook Air M4 modelleri 13,6 dýuýmlyk we 15,3 dýuýmlyk ekran bilen gelýär. Ekranlaryň ýagtylygy 500 nit bolup, olar 10-bit reňk çuňlugyny, True Tone tehnologiýasyny we P3 reňk giňişligini goldaýar.
Esasy täzelik – 10 ýadroly prosessory, 8 ýa-da 10 ýadroly grafiki prosessory we 32 GB çenli operatiw ýady (RAM) bolan M4 çibidir.

Noutbuklaryň ekranynda 12 MP kamera ýerleşdirilip, ol Center Stage (wideo jaň wagtynda sizi kadryň merkezinde saklaýar) we Desk View (iş stoluňyzyň şekilini görkezmäge mümkinçilik berýär) funksiýalaryny goldaýar.
Täze MacBook Air M4, M1 çipli modellere garanyňda iki esse güýçli, emeli aň bilen baglanyşykly amallarda bolsa üç esse çalt işleýär.
Noutbuklar Thunderbolt 4 portlary bilen üpjün edilip, MagSafe zarýad beriş ulgamyny goldaýar we 6K çözgütli iki ekrana çenli birikdirip bolýar. Batareýasynyň ömri 18 sagada çenli işlemäge mümkinçilik berýär.
Bahalary:

  • 13 dýuýmlyk model – 999 dollardan başlaýar
  • 15 dýuýmlyk model – 1199 dollardan başlaýar

Täze MacBook Air üçin öňünden sargytlar eýýäm kabul edilýär. Noutbuklar 12-nji martdan başlap dükanlarda satylyp başlanar.

Цены:

  • 13-дюймовый – от 999 долларов,
  • 15-дюймовый – от 1199 долларов.

Предзаказы уже принимаются. В магазинах ноутбуки появятся 12 марта.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....