Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň öňdebaryjy zenanlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi

  • 07.03.2025 16:53
  • 9.3k+

6-njy martda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy, işjeň zenanlarynyň gatnaşmagynda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi.

“Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, duşuşygy Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilelikde gurady.
Maşgala mukaddesligi, çaga terbiýesi, zenanlaryň döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny ikitaraplaýyn pikir alyşmalaryň esasy ugurlary boldy.
Duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly halkyň eli çeper zenanlarynyň işleriniň, çeken suratlarynyň, milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Duşuşyga gatnaşyjylar olar bilen içgin gyzyklanyp, özara sowal-jogap alyşdylar. Goňşy ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hünärmenleri eýranly zenanlaryň misden, pöwrize daşyndan ýasalan gap-gaçlaryň ýüzüne çeken nagyşlary, nakgaşlyk eserleri barada gürrüň berdiler.
Soňra duşuşyk «Parahatçylyk we ynanyşmak — binýatlyk ýörelge», «Çaga terbiýesi — röwşen geljegiň binýady», «Telekeçi zenanlar ykdysadyýetiň ösüşinde» atly temalar boýunça özara pikir alyşmalardyr maslahatlar bilen dowam etdi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......