Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde çaga saglygy bilen bagly täze ugurlary açmak meselesi öwreniler

  • 07.03.2025 08:50
  • 4k+

6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine baryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowyň we bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Wise-prezidentler ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu düzümiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, bu ugra degişli ylmy-amaly maslahatyň, guraljak serginiň, aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýörite Maksatnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we onuň tassyklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri olaryň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary boýunça kanunçylyk namalarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi zerurdyr. Gurbanguly Berdimuhamedow gaznanyň Hökümet edaralary, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, düzümiň işini has-da kämilleşdirmäge, zerur bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlaryň döredilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşylmalydygyny belledi.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......