Arkadag şäherine barýan ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylyp bilner

  • 07.03.2025 08:41
  • 7.5k+

Arkadag şäheriniň ähli ilaty we ýurdumyzyň atşynaslary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlary bilen ýüz tutdular. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Liderine habar berdi.

6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde täze şähere tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýola baryp gördi.
Bu ýerde D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi.
Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýoluň umumy görnüşi, onuň ugrunda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, teklip edilýän ýol belgileriniň, mahabat hem-de yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri bar. Şeýle hem ýol ýakalarynda oturdyljak heýkeller barada giňişleýin hasabat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak meselesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy we birnäçe maslahatlaryny berdi.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......