Täze emeli aň wideo generatory “studiýada çykarylandan kemi bolmadyk" filmleri döreder

  • 07.03.2025 06:24
  • 3k+

“Diwergent” franşizasynyň prodýuseri Puýa Şahbazýan emeli aň ulanmak arkaly “studiýada çykarylana doly meňzeş  diýen ýaly” filmleri we hatda seriallary döretmek üçin Staircase Studios AI atly täze kinostudiýany açdy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär.

Kompaniýa eýýäm ilkinji taslamasy bolan “Çypar saçly aýal” filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu Ikinji Jahan urşy döwründe Niderlandlaryň garşylyk görkeziş hereketiniň hakyky ýaşap geçen agzasy barada dramadyr.
Film Pixar-yň öňki animatory Teddi Nýutonyň suratlaryna esaslanan emeli aň tarapyndan döredildi. Filmdäki gahrymanlara hakyky aktýorlar Maýa-Nika Býuli, Leander Wiweý, Angus Kasl-Douti we Jeffri Breton dagy ses berdi.
Staircase Studios AI-niň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, bu tehnologiýa doly göwrümli filmleri çykarmaga mümkinçilik berer, munuň üçin 500 müň dollardan köp pul gitmez.
Studiýa ýakyn üç-dört ýylyň içinde 30 töweregi film döretmegi meýilleşdirýär.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....