Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti gaznanyň işi boýunça maslahat geçirdi

  • 06.03.2025 08:18
  • 12k+

5-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa bu ýerde ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy. Çagalaryň saglygyny dikeltmekde dürli oýnawaçlaryň, beýleki serişdeleriň kömegine bil baglanylýar.
Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy.
Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna baryp gördi.
Merkeziň ýolbaşçysy çagalar bakja-bagynda döredilen şertler, binalaryň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde körpeler barada edilýän aladalaryň netijeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.
Häzirki wagtda merkezde işleýän lukmanlaryň bir toparynyň “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” boýunça halkara derejeli okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary bellenildi. Şeýle hem merkezde bejergi alýan we çagalar bakja-bagyna gatnaýan çagalara ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň yzygiderli iberilýändigi barada aýdyldy.
Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bejeriş binasyna baryp gördi.
Merkeziň bölümlerinde işleýän lukmanlar bu ýerde çagalaryň tiz sagalmaklary, saglyklarynyň dikeldilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler.
O.Atabaýewa körpeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan gutlap, olaryň tiz sagalmaklaryny, sagdyn, berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......