Mansory atelýesi Tesla Cybertruck-yň üýtgeşik görnüşini döretdi

  • 05.03.2025 18:37
  • 7.7k+

Kaşaň awtoulaglaryň dizaýnyny dürlüçe üýtgedýän meşhur nemes týuning (awtobezeg) ussahanasy Tesla Cybertruck-yň üýtgedilen görnüşini hödürledi. Rolls-Royce, Lamborghini ýa-da Bugatti-däki ýaly, bu awtoulagda hem Mansory-niň hünärmenleri “özboluşlylygy” saýladylar.

1980-nji ýyllaryň ahyrynda döredilen meşhur atelýe öz işleri bilen, hatda awtoulaglaryň asyl döredijilerini hem geň galdyrýar. Cybertruck-yň dizaýny ýiti çyzyklar we goşmaça materiallar bilen bezelýär. Täze korpus öň we yzky bamperleri, teker arkalaryny giňeldijileri we Porsche 911 GT3-den ylham alan splitteri öz içine alýar.
Mansory-niň maglumatyna görä, energiýa sarp edilişi kWt sagada 2,4 mil (26.1 kWt/100 km) bolar.
Awtoulagyň salonynyň dizaýny müşderileriň isleglerine görä bolar. Olar boýaljak elementleri özleri saýlap, salony deriden ýa-da karbondan etdirip bilerler.
Häzirki zaman týuning ussahanalary ikä bölünýär: dinamikany gowulandyrýan we dizaýny. Mansory ikinjisini saýlap, şonsuzam gymmat awtoulaglary has hem kaşaň awtoulaglara öwürýär. Onuň Cybertruck-y Tesla-nyň kiberpank estetikasyna garşy çykýar.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.2k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....