Fransuz startapy dünýädäki ilkinji 5G hemra internetini işe girizer

  • 05.03.2025 10:42
  • 1.9k+

Constellation Technologies & Operations  (CTO) fransuz startap kompaniýasy, sözüň göni manysynda, 5G internet aragatnaşygyny kosmos derejesine çykarmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa örän pes orbitadaky (VLEO) toplanmalary ulanyp, dünýäde ilkinji 5G millimetr tolkunly (mmWave) hemra toruny taýýarlaýar diýip, Overclockers habar berýär.

Birinji ädim eýýäm ädildi: 5G mmWave başlangyjy “regenerative peýdaly agram” synagyny görkezdi. Ony Ýerde kosmos şertlerine ýakyn şertlerde synag etdiler.

"Biziň 5G mmWave regeneratiw ýük göterijimiz tehniki gulluklaryň ýerüsti aragatnaşyk bilen kosmos aragatnaşygynyň ýakynlaşmagyny çaltlaşdyrmaga ukyplydygyny subut edýän dünýäde ilkinji tehnologiýadyr" - diýip, CTO-nyň baş direktory Şarl Delfýe belledi.

Enjam hemra platformasynda oturdyldy, uçurylyşy 2025-nji ýylyň iýun aýyna meýilleşdirilýär.
5G mmWave tehnologiýasy 24-100 GGs diapazonda işleýär, ol ýokary tizligi we pes bökdençliligi wada berýär. CTO telekom operatorlaryna öz toplumlaryny gurmagyň ýerine umumy infrastrukturany ulanmaga mümkinçilik berýän 1500 hemradan ybarat ulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu bar bolan 5G spektrini çet gyra sebitlerde ýerüsti torlaryna çykdajy etmezden, ulanmaga mümkinçilik berer.
Delfýeniň sözlerine görä, taslama SpaceX-iň we Amazon-yň bil baglaýan Ka we Ku zolaklaryndan (26.5-40 GGs) aýlanyp geçmek üçin döredilendir. Soňky alty aýyň dowamynda CTO bu hyjuwly pikiri durmuşa geçirmek üçin eýýäm 9,3 million ýewro toplady.


düýn 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.8k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....