5-nji marta geçilýän gije Ýerde G1-G2 derejeli magnit hadysasy bolar

  • 04.03.2025 14:16
  • 6.2k+

Mart aýynyň 4-ünden 5-ine geçilýän gije Ýerde magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar. Plazma buludy 4-nji martda Aşgabat wagty bilen, takmynan, 21:00-da Ýere gelip ýeter diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutynyň maglumatlaryna salgylanýan TASS habar berýär.

Hünärmenler 60% ähtimallyk bilen G1-G2 derejeli magnit tupanyny çaklaýarlar. Bu dereje tupanyň gowşak täsirli ýa-da aram boljakdygyny aňladýar. Ol 6-dan 9 sagada çenli dowam edip, Aşgabat wagty bilen 22:00-00:00 aralygynda başlar diýlip garaşylýar.
Ýeriň magnit meýdanyndaky bozulmalar 5-nji martda günortana çenli dowam edip biler.
Ýeriň magnit meýdanyndaky bozulmalaryň derejesiniň bäş görkezijiniň gözegçilik şkalasynda ölçelýändigini bellemelidiris: G1 (gowşak)-dan G5-e (gaty güýçli) çenli.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...