Fransiýada dünýäde iň uly peýnirli tagam taýýarlandy: agramy iki tonnadan gowrak

  • 03.03.2025 09:51
  • 5k+

Fransiýanyň Juraflore peýnir kompaniýasy dünýäde iň uly peýnirli fondýuny taýýarlady. Taýýar tagamyň agramy 2117 kilogramdan gowrak boldy we ol Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi taýdan hasaba alyndy diýip, UPI agentligi ýazýar.

Fondýu – bu açyk otda peýnirden we çakyrdan taýýarlanýan tagam. Ony taýýarlamak üçin Juraflore uly mis gazany ulandy. Oňa birnäçe aý saklanan 40 baş Konte peýniri we 1,5 kg ak burç, tas 2 kg sarymsak we 54 kg mekgejöwen krahmaly goşuldy. Esas hökmünde Şardone we Sawanýen görnüşli ak çakyr ulanyldy.
Fondýu açyk otda taýýarlandy, bu tagamy taýýarlamagyň däp bolan usulydyr. Guramaçylaryň habar bermegine görä, gastronomiki wakanyň şaýady bolmak we bu özboluşly tagamdan dadyp görmek üçin 5000 töweregi adam geldi. 


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

düýn 17:17
3.3k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......