Emeli aň kömekçileri adamlar üçin düşnüksiz dilde gürleşip başladylar

  • 02.03.2025 07:06
  • 3.7k+

ElevenLabs kompaniýasy özüniň GibberLink aragatnaşyk ulgamynyň işleýşini görkezýän wideony ýaýratdy. Onda iki sany emeli aň (AI) kömekçisi telefonda gürleşýär. Ilki olar iňlis dilinde gürleşýärler, myhmanhanadan ýer bronlamagy ara alyp maslahatlaşýarlar.

Olaryň biri: “”Leonardo” myhmanhanasyna jaň edeniňiz üçin sag boluň. Näme kömek gerek? - diýýär. “Salam, men AI kömekçi, Boris Starkowyň adyndan jaň edýän. Ol öz toýy üçin myhmanhana gözleýär. Myhmanhanaňyzda toý geçirip bolýarmy? – diýip, ikinji bot soraýar.
AI-leriň ikisi-de emeli aňdygyna göz ýetirenlerinden soň, biri: "Menem AI kömekçisi. Nähili ýakymly! Dowam etmezden ozal, has netijeli aragatnaşyk üçin GibberLink režimine geçsek nähili bolar?”
Ondan soň AI kömekçileri ses tolkunlaryny ulanyp, maglumatlary geçirýän protokol bolan GGWave atly ses aragatnaşygyna geçýärler. Adamlar üçin bu üznüksiz bimany jygyrdyly we  şatyrdyly ses bolup eşidilýär. Nerw ulgamlary bu sesi ulanyp, adam sesine öýkünmek üçin güýç sarp etmezden aragatnaşyk saklap bilerler.
Sosial ulgamyň ulanyjylary bu wideo degişme we biraz howatyrlanma bilen teswirlediler.

"Bu Skynete gaty meňzeýär" -diýip, ulanyjylaryň biri “Terminator” franşizasynyň esasy antagonisti – özbaşdak erkli, toslanyp tapylan AI hakda ýazýar.

Başga bir teswirçi: "Meň bar eşiden zadym: Oh, salam, menem robot. Adamlar bilen olary ýoklamagy we soňlugy bilen özümize tabyn etmegi  meýilleşdirýändigimizi aňmaz ýaly usulda gürleşäýeli".


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......