Britaniýanyň “iň betnyşan iti” “Dedpul we Rosomaha” filmindäki roly üçin baýrak aldy

  • 28.02.2025 12:13
  • 10k+

Beýik Britaniýanyň “iň betnyşan iti” hökmünde tanalýan bäş ýaşly it Peggi “Fido” baýragynyň eýesi boldy. Bu baýrak “itleriň “Oskary” diýlip atlandyrylýar. Bu barada RTE ýazýar.

Peggi mops bilen hüpükli hytaý itiniň gatyşyk tohumydyr. Ol “Dedpul we Rosomaha” filminde Dogpulyň roly üçin “Dünýäde iň gowusy” nominasiýasynda baýrak aldy. Baýragyň ýeňijisine nagyşly boýunbag berilýär.  
Ilkibaşda onuň Raýan Reýnolds we Hýu Jekman bilen Marvel blokbasterine gatnaşmagy epizodik ýaly meýilleşdirilipdi, ýöne režissýorlar onuň roluny giňeltmek kararyna geldi.

“Ol kadra girdi we ol ýerde hemişelik galdy” – diýip, Reýnolds belledi.

Itiň eýesi Holli Middlton dynç alyşdadygy sebäpli dabara gelip bilmedi. Onuň deregine Peggi wideoda minnetdarlyk sözüni “ýazdy”, onuň eýesi bolsa kadryň aňyrsynda oňa ses berdi.
Ýene bir baýrak – “Romkom roweri” – “Brijit Jonsuň” täze bölüminden hawanez itine berildi. Ol howzuň ýanyndaky sahna bilen tomaşaçylaryň ýadynda galdy, bu ýerde ony gahryman Leo Wudolla halas edýär.


düýn 23:53
980

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....