BMW Walentino Rossiniň hormatyna çäkli mukdarda M4 modelini çykarar

  • 28.02.2025 10:37
  • 3.1k+

BMW kompaniýasy Walentino Rossiniň hormatyna ýörite «M4 CS Edition VR46» modelini hödürledi. Motorsport boýunça ýaryşlarda dokuz gezek dünýä çempiony bolan Rossi 16-njy fewralda 46 ýaşady.

Täze M4 iki dürli görnüşde taýýarlanar – Sport we Style. Iki görnüşinde-de Rossiniň meşhur 46 belgisi ýerleşdiriler we sary reňkli aýratyn bezegler bolar. Şeýle-de käbir grafiki elementler el bilen çyzylyp bezeler. Awtoulagyň içinde-de ýörite nyşanlar we sary reňkli bezeg dekorlary ýerleşdiriler.
Tehnika tarapdan seredilende, M4 CS Edition VR46 modeli 550 at güýjündäki adaty CS kupe bilen meňzeşdir. Bu model 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,4 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa 302 km/sag. Emma inženerler ulagyň şassisine käbir üýtgeşmeleri girizipdirler: ýaýlar, stabilizatorlar we uýgunlaşdyryjy amortizatorlar üýtgedilip, tekerleriň burçy täzeden sazlanypdyr.

Bu ýörite modelden jemi 92 sany öndüriler. Her görnüşden 46 sany awtoulag satuwa çykarylar. ABŞ-da ulagyň başlangyç bahasy 155 müň dollar bolar.
Ulagy satyn aljaklara goşmaça sowgatlar hem göz öňünde tutulýar. Olar Italiýada Walentino Rossiniň fermasyna iki günlük gezelenç etmäge, şeýle-de Emiliýa-Romanýa sebitindäki meşhur Mizano ýaryş meýdançasynda ýörite trek-gününe gatnaşmaga mümkinçilik gazanarlar. Häzirki wagtda Rossi BMW M zawod toparynyň düzüminde uzak aralyga niýetlenen ýaryşlara gatnaşýar.


28.05.2026 12:32
3.1k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
6.7k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.4k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

15.05.2026 17:45
4.1k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....