Täze geçirilen barlag Gizadaky Beýik piramidanyň energetiki aýratynlyklaryny açyp görkezdi

  • 28.02.2025 10:28
  • 5k+

Alymlar Gizadaky Beýik piramidanyň elektromagnit tolkunlary bilen üýtgeşik täsirleşýändigini we äpet energetiki rezonatoryň wezipesini ýerine ýetirýändigini ýüze çykardylar.

4600 ýyllyk ägirt uly desga bilen geçirilen barlaglarda, onuň belli-belli nokatlarda energiýany jemleýändigi we güýçlendirýändigi ýüze çykaryldy. Has takygy, bu ýagdaý Patyşanyň otagynda, Şa zenanyň otagynda we piramidanyň aşagyndaky tamamlanmadyk otagda has aýdyň görünýär.
Bu açyş elektromagnit tolkunlaryny kabul edýän we olary güýçlendirýän rezonator hökmünde piramidanyň ýörite gurlandygy baradaky pikiriň döremegine sebäp boldy.


Aerokosmiki inžener Kristofer Dann onlarça ýyl bäri piramidalary öwrenip gelýär. Ol Gizadaky Beýik piramidanyň aslynda ýokary tehnologiýaly enjam bolup biljekdigini öňe sürýär. Dann piramidanyň demirgazyk şahtasynyň gurluşyny mikrotolkunlary we elektromagnit energiýasyny geçirmek üçin ulanylýan häzirki zaman gurluşlaryna meňzedýär. Hünärmen piramidanyň içinde bolup biljek aýratyn mehanizm barada şeýle pikir ýöretdi: desganyň içine belli bir wagtda iki dürli himiki madda girizilip bilner we maddalar biri-biri bilen garyşanda bug emele getirip, netijede wodorod döredip biler. Ol bu hadysanyň piramidanyň içinde energetiki rezonansy döredip, käbir täsirleri ýüze çykaryp biljekdigini öňe sürýär.


şu gün 10:53
253

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....