Alymlar robot gurçugyny döretdiler: ol ýüzmek üçin ýumşak ýüzgüçleri ulanýar

  • 28.02.2025 07:40
  • 5k+

EPFL Inženerçilik mekdebiniň we Maks Plank institutynyň gözlegçileri çäkli ýerlerde ýüzüp we hereket edip bilýän kiçi roboty ýasadylar. Onuň agramy 6 gr bolup, ýumşak ýüzgüçleri ulanýar we özünden has agyr ýükleri daşamaga ukyplydyr.

"Robot gurçuklaryny” döretmäge alymlary deňiz gurçuklary ruhlandyryldy.

Gerbert Şi (EPFL): "2020-nji ýylda biziň toparymyz mör-möjek ululygyndaky özbaşdak süýrenýän robotlary görkezdi, ýöne suw gurşawynda hereket edip biljek robotlary döretmek düýbünden täze meseledi".

Adaty propeller esasly ulgamlardan tapawutlylykda, EPFL roboty özüni herekete getirmek üçin sessiz yrgyldaýan ýüzgüçleri ulanýar. Bu robota suwuň üstünde ýüzmäge we tebigy gurşawa aňsatlyk bilen uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär.
Robot deňiz gurçuklaryndan 10 esse çalt hereket edýär we 12 sm/s tizlige ýetýär. Ol öňe, yza we gapdala ýüzüp bilýär. Onuň elektronikasy 500 mWt kuwwatda 500 wolt berýär, bu bolsa elektrik çotgasyndan 4 esse pesdir.
Robotda oturdylan duýgur datçikler gözüň funksiýasyny ýerine ýetirýärler we ýagtylyk çeşmelerini özbaşdak yzarlamaga mümkinçilik berýärler.
Alymlaryň aýtmagyna görä, robot daşky gurşawyň hapalanmagyna we oba hojalygyna gözegçilik etmek üçin peýdaly bolar. 


düýn 19:32
1.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....