Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

  • 28.02.2025 01:10
  • 4.9k+

27-nji few­ralda Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ped­ro War­gas Da­wi­di ka­bul et­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ozal ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len we gel­jek­de göz öňün­de tu­tul­ýan tas­la­ma­lar ba­ra­da-da pi­kir al­şyl­dy diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy. 
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­de giň­den ta­nat­mak bo­ýun­ça dür­li ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we hal­ka­ra me­dia agent­lik­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy me­dia dü­zü­mi bo­lan «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si­ne üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­ Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy­ny dün­ýä ta­nat­mak, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek ýa­ly ugur­lar­da «Eu­ro­news» bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bellenilip geçilýändigini aýdyp, Ped­ro War­gas Da­wi­di 2025-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na ça­gyr­dy hem-de onuň hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň çä­rä­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ne uly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.


düýn 22:49
517

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
6.7k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

düýn 13:59
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

düýn 10:49
968

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......