Alibaba emeli aň we bulut tehnologiýalaryna 53 milliard dollar maýa goýar

  • 27.02.2025 11:14
  • 1.7k+

Hytaýyň Alibaba kompaniýasy ýakyn üç ýylda emeli aň we bulut tehnologiýalaryna 53 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu maýa goýumlar soňky on ýylda kompaniýanyň bu ugurdaky ähli maýa goýumlaryndan ýokary bolar we tehnologiýa ýaryşynda onuň meýillerini mälim eder diýip, Overclockers belleýär.

Alibaba kompaniýasynyň baş direktory Eddi Wu AI-ni senagatdaky öwrülişik bilen  deňeşdirip, ony “her nesliň paýyna bir gezek düşýän nesibe” diýip belledi. Bölünip berlen serişdeler önümleri ösdürmek we üçünji tarap guramalar üçin nerw ulgamlaryny döretmekde ulanylar.
Kompaniýanyň bulut hyzmatlaryna jogapkär Cloud Intelligence bölümi girdejiniň 11 göterim ösüşini, AI önümleri bolsa yzygiderli alty çärýekde üç belgili ösüşi görkezdi. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda, kompaniýanyň tassyklamagyna görä, Günbatar analoglaryndan has ýokary bolan Qwen 2.5-Max modeli hödürlendi.
Mundan başga-da, Alibaba Hytaýda amerikan brendiniň kadalaşdyryjy çäklendirmelerine sezewar bolan iPhone-nyň ulanyjylary üçin AI aýratynlyklaryny döretmekde Apple bilen hyzmatdaşlyk edip başlady.
Hünärmenleriň pikirine görä, Alibabanyň maýa goýumlary diňe bir günbatar bäsdeşlerinden öňe geçmek synanyşygy bolman, eýsem içerki kynçylyklara hem jogapdyr.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....