Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Katara iş saparyny amala aşyrdy

  • 27.02.2025 11:01
  • 5k+

25-26-njy fewralda Doha şäherine türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrdylar.

Türkmenistanyň milli Parlamentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 25-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezinde «Al Shark» gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Kataryň Şura Geňeşiniň Başlygy Hasan bin Abdulla Al Ganim bilen duşuşdy. Ol dostluk toparynyň işine ýokary baha berip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu saparynyň iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygyny berkitjekdigini nygtady.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......