Türkmenistanyň bilim ministri Ankarada türkiýeli kärdeşleri bilen duşuşdy

  • 26.02.2025 17:05
  • 6.2k+

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisine gatnaşdy. Mejlis 25-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň binasynda geçirildi.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew we Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri Ý.Tekin ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlisiň barşynda taraplar orta we ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen degişli derejelerde duşuşyklary we okuw maslahatlaryny guramak hem-de häzirki zaman okuw meýilnamalaryny we okatmagyň usullaryny işläp düzmek boýunça öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna  ýardam bermek barada ylalaşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň (YÖK) binasynda Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň Başlygy Erol Özwar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda  taraplar ýokary bilim ulgamyny özgertmek meseleleri, türkmen talyplary we mugallymlary üçin gysga möhletleýin okuwlary guramak, bilelikdäki ylmy barlaglaryny geçirmek hem-de ylmy makalalary neşir etmek ýaly ugurlary nazara almak bilen ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler özara saparlaryň guramagyna hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilelikdäki maslahatlaryň, okuw we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


02.06.2026 20:35
3.8k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......