Grok 3 gürläp başlady: xAI emeli aňynyň sesli režiminiň beta synagyny goýberdi

  • 26.02.2025 14:33
  • 2.1k+

Ilon Maskyň çykaran Grok 3 emeli aň ulgamy indi gürläp bilýär. xAI-yň ýolbaşçysy Mask "dünýäde iň akylly emeli aň" diýip atlandyrýan bu emeli aň ulgamy üçin ses režiminiň irki beta-wersiýasyny hödürledi diýip, ITHome habar berýär.

Indi emeli aň kömekçisi diňe bir tekst arkaly jogap bermän, eýsem, gepleýärem. Ulanyjylara ses bermegiň iki görnüşi elýeterli - Ara we Grok. Emeli aň özünde dostlukly söhbetdeşden başlap, agras ýoldaşa çenli birnäçe şahsyýeti jemleýär. Mask, ilkibaşdalar, näsazlyklaryň bolup biljekdigini duýdurdy, emma şonda-da onuň ýokary netijeleri görkezýändigini nygtap geçdi.
Grok 3 bilen gürleşmek aňsat boldy. Oňa öz ene diliňde sorag berip, söhbetdeşligi ýatda sakladyp, ony dostlaryň bilen paýlaşyp bolýar. Öň, bu emeli aňa elýeterlilik diňe X Premium+ ýa-da SuperGrok abunaçylarynda bardy, emma indi xAI mugt synagy hemmeler üçin açdy. Öň, habar berşimiz ýaly, "serwerleri ereýänçä".
Muňa garamazdan, premium ulanyjylaryň hem artykmaçlyklary bar.


03.06.2026 15:15
3.1k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......