Norwegiýa öý üçin ýumşak kömekçi roboty döredýär

  • 26.02.2025 13:57
  • 6k+

Norwegiýanyň 1X kompaniýasy öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen täze modeli – Neo Gamma atly roboty hödürledi. Ol Neo Beta modeliniň ornuny çalyşdy.

1X robotlarynyň esasy aýratynlygy olaryň howpsuzlygyndadyr. Işläp düzüjiler adamlaryň, çagalaryň we öý haýwanlarynyň ýanynda arkaýyn hereket edip biljek roboty döretmäge çalyşýar.
Neo Gamma-nyň trikotaždan ýumşak örtügi bar. Robotyň tötänleýin zyýan ýetirip biljek uly we hereket edýän gurluş bolandygy üçin, bu örän wajypdyr. Işläp düzüjiler ähli bolup biljek howply ýagdaýlary öňünden görmäge synanyşýar.
Robot dürli öý işlerini ýerine ýetirip: arassalap, saçak ýazmaga kömek edip, goşlary bir ýerden başga bir ýere geçirip bilýär. Öňki model Neo Beta adamyň dolandyrmagynda tagam taýýarlamak başarnyklaryny-da görkezýärdi. Neo Gamma hem uzak aralykdan dolandyryş režimini goldar, bu bolsa mümkinçiligi çäkli adamlara ýa-da olaryň ýakynlaryna roboty dolandyrmaga mümkinçilik berer.
Roboty döredijiler şeýle kömekçileriň öý işlerini ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýän garry adamlar üçin aýratyn zerur boljakdygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, doly özbaşdak we howpsuz öý robotlary peýda bolýança, ýene köp işleri bitirmek gerek.
1X kompaniýasyny EA pudagynda öňdebaryjy bolan OpenAI kompaniýasy goldaýar.


şu gün 10:31
4.3k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
982

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......