Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşdy

  • 24.02.2025 23:57
  • 4.6k+

24-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow myhmanyň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgust aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça gatnaşjak brifinginiň we boljak duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, hanym Rabab Fatimany Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda häzirki döwürde ulag we kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup durýandygyny we şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar  halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň geçirilýändigini aýtdy.
2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalarynyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 22:17
1.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......