Türkmenistanda gümrük amallary boýunça pudagara duşuşyk geçirildi

  • 24.02.2025 14:51
  • 4.8k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda pudagara duşuşyk geçirildi. Bu barada edaranyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe halkara ýük daşamalary amala aşyrýan ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan, daşary ykdysady işine gatnaşýan telekeçiler hem-de gümrük dellallarynyň hünärmenleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň, şol sanda ýurdumyzyň çägine getirilýän harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň, şeýle hem ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almagyň ähmiýeti we tertibi bilen tanyşdyrdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgam arkaly halkara ýük daşaýjylar tarapyndan deslapky maglumatyň berilmeginiň amaly mysallary görkezildi hem-de ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary, şunda döwlet edaralarynyň rugsatnamasy esasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary resmileşdirmegiň aýratynlyklary aýdyňlaşdyryldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......