5G tehnologiýasy Türkmenistanda ilkinji gezek Arkadag şäherinde synag ediler

  • 23.02.2025 17:58
  • 10k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe girizmäge ak pata berdi. Ýakyn wagtda bu ýerde 5G tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory  B.Çakyýew şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümler we pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasyny Arkadag şäherinde işe goýbermek boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler  geçirildi. 5G tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekedi gelip gowuşdy. 5G tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, onuň ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýändigi bellenildi. Bu innowasion tehnologiýada bir kilometr inedördül meýdançada ýüz müňlerçe enjamlary birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda täze şäheriň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns berildi. Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy şäheriň ähli künjegini 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleri gurşap alar. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly we dürs ýerine ýetirilmeginiň baş şertini üpjün eder.
5G tehnologiýasynyň aragatnaşyk ulgamynyň «TürkmenÄlem 520 E»  emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň  degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde 5G tehnologiýasynyň işini ýola goýmak boýunça birnäçe maslahatlaryny we degişli tabşyryklaryny berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň 5G tehnologiýasynyň işini dolulygyna beýan edýän wideofilm görkezildi. Onda täze tehnologiýanyň aýratynlyklary, onuň gözegçilik, gorag we dolandyryş ulgamlarynyň işi hem-de bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän pudaklaryň mümkinçilikleri degişli görnüşler arkaly beýan edilýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......