Arkadag şäherindäki ýollaryň birine Aba Annaýewiň ady dakylyp bilner

  • 23.02.2025 16:47
  • 10k+

Arkadag şäherinde Polatly binasyndan “Taýçanak” halkalaýyn aýlawly ýola çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak teklip edilýär. Bu teklibi Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dykgatyna ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri 22-nji feeralda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Bellenilişi ýaly, bu teklip Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryndan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gelip gowuşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň Polatly binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň hem-de “Taýçanak” binasynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi. Täze ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini belledi.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara  ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşuryljakdygyny aýtdy.


şu gün 19:25
178

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......