Hytaýly burawçylar Ýeriň jümmüşine 11 km çuňluga aralaşyp, Aziýada iň çuň guýyny burawladylar

  • 23.02.2025 11:08
  • 17k+

Hytaýda 10 910 metr çuňlukdaky gözleg guýusyny burawlamak işleri üstünlikli tamamlandy. Indi “1-nji belgili Tarim guýusy” Aziýada iň çuň we dünýäde çuňlugy boýunça ikinji guýudyr. Burawlama tas iki ýyllap Takla-Makan (Sinszýan) çölüniň uzak ýerinde alnyp baryldy. 

“1-nji belgili Tarim guýusy” taslamasy alymlara dag jynslarynyň bahasyna ýetip bolmajak nusgalaryny berip, üýtgeşik açyşa: rekord çuňlukda uglewodorod ýataklarynyň tapylmagyna getirdi. Bu bolsa gury ýerde şeýle çuňlukda nebitiň we gazyň ilkinji gezek tapylmagydyr.

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda başlanan guýy burawyna 10 000 metre ýetmek üçin 279 gün gerek boldy, soňky 10 910 metre çenli burawlamak işi 300 gün dowam etdi.  Topar guýynyň diwarlarynyň durnuksyzlygy we buraw enjamynyň könelmegi ýaly birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Burawlamanyň dowamynda Tarim basseýniniň 12 geologiki gatlagyndan geçildi.

Taslamada Hytaýda işlenip taýýarlanan we 12 000 metre çenli çuňlukda işläp bilýän awtomatlaşdyrylan buraw enjamy ulanyldy. Işiň netijesinde gurnalýan turbalary berkitmegiň çuňlugy, kabel karotažynyň çuňlugy we örän çuň guýyny burawlamagyň tizligi boýunça täze dünýä rekordlary goýuldy.
Alnan maglumatlar we dag jynslarynyň nusgalary Aziýada 10 000 metr çuňlukdaky ilkinji geologiki kartany döretmäge mümkinçilik berdi. Tarim basseýninde eýýäm 8000 metrden gowrak çuňlukdaky 300-den gowrak guýy burawlandy, bu bolsa ýurtda bar bolan örän çuň guýularyň umumy sanynyň 80%-den gowragyna deňdir.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......